Sport — sagdyn ýaşaýşyň girewi

5 Fewral 2021
968

Halkymyzda «Saglygym — baş baýlygym» diýen pähim bar. Bu pähim häzirki döwürde ýurdumyzda giňden ýaýbaňlanýan bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary derejeli sporty we olimpiýa hereketini ösdürmäge gönükdirilen belent işlerde ugur alynýan özboluşly çelgi bolup durýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, jemgyýetimiziň hem döwletimiziň iň gymmatly hazynasy bolan ynsan saglygyny berkitmek, ýaşlary sport ruhunda terbiýelemek ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Ýakynda «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilmegi aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär.

Göwher DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar