«LG» jahany gezýär

10 Fewral 2021
1655

Koreýada dünýäniň iň naýbaşy tehnologiýa harytlaryny öndürýän kompaniýalaryň birnäçesi ýerleşýär. «LG» kompaniýasy dünýäde öňdebaryjy şereketleriň biri hasaplanýar. Kompaniýanyň harytlary sarp edijiler tarapyndan höwes bilen satyn alynýar. Köpugurly tehnologiýa kompaniýasynyň ştab-kwartirasy Koreýa Respublikasynyň işewürlik merkezi hasaplanýan Seul şäherinde ýerleşýär. Kompaniýa, esasan hem, 4 ugur boýunça, ýagny, hojalyk harytlary, ykjam aragatnaşyk enjamlary, howa çözgütleri we ulag serişdeleri öndürýän bölümleri öz içine alýar. «LG» Koreýanyň iň uly dördünji hususy kärhanasy hasaplanylýar.

Kompaniýanyň taryhy barada belläp geçenimizde, «LG» 1958-nji ýylyň oktýabr aýynda işewür Ku In-hwoý tarapyndan «GoldStar» ady bilen esaslandyrylýar. «GoldStar» Koreýanyň radio, telewizor, sowadyjy, kir ýuwujy maşyn we kondisioner öndürip başlan ilkinji kompaniýasy hasaplanylýar. 1994-nji ýylda kompaniýa «LG Electronics» adyny we nyşanyny resmi taýdan kabul etdi. Wagtyň geçmegi bilen kompaniýa tarapyndan öndürilýän elektronika enjamlaryna isleg artýar. Harytlar diňe bir ýerli ilata hödürlenmän, daşary ýurtlara hem eksport edilip başlanýar. Kompaniýa 2013-nji ýyldan başlap smartfon önümçiligini ýola goýýar. 2014-nji ýylda bolsa, planşetleri we kiçi göwrümli kompýuterleri öndürip başlaýar. Şol ýyl kompaniýa akylly sagat önümçiligini hem ýola goýmagy başardy. Kompaniýanyň hünärmenleri «Innowasiýa — has gowy durmuş üçin» şygary astynda zähmet çekýärler. Kompaniýanyň ady «Life’s Good» sözünden gelip çykyp, «LG» diýlip gysgaldylyp alynýar. Bu bolsa, iňlis dilinden türkmen diline terjime edilende «Durmuş gowy» diýmegi aňladýar.

Beýleki habarlar