Tehnologiýa dünýäsi

8 Fewral 2021
1666

Sürüjisiz uçýan ulag tanyşdyryldy

■ Awstraliýanyň «Airspeeder» we «Alauda Aeronautics» kompaniýalarynyň inženerleri dünýäniň ilkinji sürüjisiz uçýan ýaryş ulagyny işläp taýýarladylar. Elektrik energiýasy bilen işleýän «Mk3» atly ulag sagatda 120 kilometr tizlik bilen hereket edýär. Uzakdan dolandyrylýan ulag şu ýylyň ikinji çärýeginde geçiriljek uçýan awtoulaglaryň ýaryşyna gatnaşar. Ýylyň dowamynda şeýle ulagdan 10 sanysy öndüriler. Ýeňil materiallardan öndürilen «Mk3» dürli howpsuzlyk enjamlary bilen üpjün edilip, ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Bu ulaglar howada çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirmäge ukyply bolar. Şeýle-de bu ulag dikligine uçup hem gonup bilýär. Uçýan ulaglar üç ýyldan gowrak wagt bäri işlenip taýýarlanýar. 2022-nji ýylda sürüjili uçýan ulaglaryň hem ýaryşynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Ulagyň sürüjili ýaryşlara gatnaşmazdan öň uzakdan dolandyrmak arkaly synagdan geçiriljekdigi mälim edildi.

Amanmyrat BAÝMYRADOW,
žurnalist.
Beýleki habarlar