Miwesi datly agaç

1 Fewral 2021
2128

Güýz paslynda ýetişip, gyşda saçaklarymyzy bezeýän gök önümler, datly miweler az däl. Şeýle datly miweleri boldan getirýän baglaryň biri-de nar agajydyr. Nar agajy welaýatymyzyň Magtymguly, Etrek etraplarynda gowy ýetişýär. «Gözel Sumbaryň nary» diýlip goşguda waspy ýetirilen datly miwäni ösdürip ýetişdirýän babadaýhanlarymyzyň çekýän zähmeti ýerine-de düşýär.

Narlaryň tagamy süýji, turşy, turşumtykdyr. Olar däneli, ýumşak däneli we dänesi çigitsiz görnüşinde bolýar. Welaýatymyzda däneli we ýumşak däneli narlar has giňden ýaýrandyr. Ýuka gabykly nar ýumşak däneli bolup, sowuga çydamsyz bolýar. Ony howa sowap başlanyndan sowuk urýar. Şonuň üçin ol maýyl sub- tropiki ýerlerde ekilýär. Dänesi çigitsiz nar welin seýrek duş gelýär.

Nursoltan DEPBIÝEWA,
«Balkan».
Beýleki habarlar