Döwrebap kämillik

29 Ýanwar 2021
1737

Hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşen agzybir halkymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň hözirini görüp, asuda, parahat, eşretli durmuşda ýaşaýar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda Watanymyzda ynsanyň gadyr-gymmatynyň hemişe belent tutulýandygyny, agzybir ilimiziň ata-baba ýörelgelerini dowam etdirip, öz döwletli ojaklarynyň, eziz ýurdumyzyň abraýyna abraý goşýandyklaryny nygtaýar.

Ýurdumyzyň gülläp ösüşinde ýaşlar uly güýç bolup durýar. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy. Bu maksatnama esasynda ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmak, ýaşlary sanly ulgama geçmek boýunça geçirilýän işlere giňden çekmek we beýleki möhüm meseleleri çözmek göz öňünde tutulýar.

Jemile ORAZNEPESOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar