Watandyr gursakda şirin janymyz

28 Ýanwar 2021
1195

Her bir adam durmuşyny Watany bilen göz öňüne getirýär. Watan duzy, Watan topragy, Watan howasy — bularyň bary biziň ömrümiziň berkidir.

Watana gulluk etmegi özüne maksat edinen hormatly Prezidentimiz bu babatda biziň ählimize görelde mekdebidir. Milli Liderimiziň her bir işinde, eserlerinde Watana bolan çäksiz söýgini, buýsanjy we guwanjy görmek bolýar. Watanymyzyň berk goraglylygy, serhetlerimiziň synmazlygy, ýurdumyzyň içerki asudalygy — döwletiň abadançylygynyň girewi bolup durýar. Milli Liderimiz özüniň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabynda şeýle belleýär: «Biziň üçin esasy baýlyk ýurt asudalygymyzdyr. Ertirki gün Zeminiň geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesillere tüsse-tozandan arassa parahat ýurdy, mal-mülki üpjün bolan asuda durmuşy, kalbymyza entek çaga wagtlarymyzdan bäri ornaşyp galan ýakymly hüwdüleri, aýdymlary, dessanlary, ertekileri, asylly edim-gylymlary, milli medeniýetimiziň nusgasy bolan däp-dessurlarymyzy miras galdyrmaly».

Aýna NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Jezalary ýerine ýetirmek müdirliginiň 2-nji bölüminiň uly gözegçisi, içerki gullugyň maýory.
Beýleki habarlar