«Akylly lampalar»

28 Ýanwar 2021
1743

Şu ýyl «Akylly öý» ulgamynyň döredilenine 71 ýyl dolýar. 1950-nji ýylda amerikaly inžener Emil Matias öýüň ähli ýerinde ornaşdyrylan dolandyryş paneliniň kömegi bilen garažyň gapysyny açmak, çyralary ýakyp-söndürmek, hatda radiony işletmek mümkinçiligi bolan «Düwmeli öýi» («Push-Button Manor») döretdi. Biziň döwrümizde öýdäki çyrany uzak aralykdan ýakyp-öçürmek üçin kabeliň zerurlygy aradan aýrylan hem bolsa, ol wagtlar Matiasyň bu täzeligi hemmäni haýrana goýupdyr. Matiasa bolsa bu taslamasyny durmuşa geçirmek üçin iki kilometr kabel gerek bolupdyr.

Şeýle köp simiň peýdalanylýandygy sebäpli, Matiasyň «akylly öýi» kän bir köpçülige elýeterli bolmandyr. Şondan soňraky 60 ýylyň dowamynda bu ulgam arzanlamady, diňe biziň döwrümizde, ylmyň we tehnikanyň ösen döwründe köpçülige elýeterli boldy. Munuň sebäbi, birinjiden, kabellere derek simsiz tehnologiýalar peýdalanylyp ugraldy, ikinjiden, «akylly öý» bir bitewi uly ulgam görnüşini üýtgetdi. Indi aýry-aýry işi ýerine ýetirýän (mysal üçin çyralary ýakyp-söndürýän) böleklerini özbaşdak satyn almak mümkinçiligi döredildi. Hatda haýsydyr bir kömekçi komponentleri ulanmak zerurlygy hem aradan aýryldy: häzirki zaman tehnologiýalary dolandyryş enjamlaryny yşyklandyryjy lampalaryň içinde ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Seýitgeldi WELSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.
Beýleki habarlar