Sagdynlyk — bagtyýarlyk

26 Ýanwar 2021
838

Ähli zadyň sakasynyň saglykdan başlanýandygyna oňat göz ýetiren pederlerimiziň «Hemme zadyň sakasy — saglyk», «Saglyk — beglik», «Sag başym — soltan başym» diýen nakyllary döretmekleri saglygyň gymmatlydygyndan, başymyzyň göwher täjidiginden habar berýär.  

Ýurdumyzyň bagtyýar raýatlary baradaky aladany elmydama üns merkezinde saklaýan milli Liderimiziň halkymyzyň saglygyny goramaga, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde ähmiýet berýändigi guwandyryjy ýagdaýdyr. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde adamyň saglygyny goramak boýunça özgertmeleriň giňden ýaýbaňlandyrylýandygyny hem-de ýurdumyzda saglyk maksatly binalaryň hatarynyň artýandygyny, tebigy bejerijilik häsiýetine eýe bolan şypahanalaryň döwrüň talaplaryna, dünýä hil ülňülerine laýyklykda enjamlaşdyrylýandygyny belläp geçmek has-da ýakymlydyr. 

Gyzylgül HOJAÝEWA,
welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň akuşer-ginekolog lukmany.
Beýleki habarlar