Görk agyzdan...

26 Ýanwar 2021
1131

Gök we bakja önümleri, ir-iýmişdir miweler, et we süýt, galla we kösükli ösümlikleriň önümleri saglygymyza peýdalydyr. Düzüminde witaminleri, mineral duzlary, uglewodlary, ýaglary, beloklary saklaýan bu önümler bedeniň işjeňligini üpjün edýär. C witaminine baý sitrus miweleri (apelsin, mandarin, limon), şeýle-de sogan, sarymsak, gyzyl bolgar burçy, pomidor immuniteti pugtalandyrýan, kesel dörediji bakteriýalara garşy täsiri bolan önümler hasaplanylýar. Bu önümleri möwsümleýin ýiti ýokanç keselleriň ýaýramak howpy ýokarlanýan döwürde köp iýmeli.

Lukmanlaryň berýän maslahatlaryna görä, günüň dowamynda 4-5 gezek az-azdan iýmeli. Ýagsyz göläniň, towşanyň, towugyň etini gaýnadylan, buglanan görnüşde, şeýle hem balygy, ýagsyz süýt-gatyk önümlerini kabul etmek zerurdyr. Iýmitde gowrulyp bişirilen, tüssä kakadylan, ýagly, ýiti we ajy tagamly, şor, süýji önümleri, gazly we reňkli suwlary, et we balyk konserwlerini çäklendirmek maslahat berilýär. Şokolad, süýji, köke ýaly iýmitleri iýmegi azaldyp, kişde, kişmiş ýaly kakadylan miweleri iýmek peýdalydyr.

Beýleki habarlar