Dünýäniň öňdebaryjy kärhanalary

25 Ýanwar 2021
1916

Hyrydarly harytlar

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti halkymyzyň islegine görä önümleri öndürmekde iň öňdebaryjy kärhanalaryň biridir. Döwrebap kärhanada dürli görnüşli LED lampalaryň, okuwçylar üçin öwrediji kompýuterleriň we netbuklaryň, 4K Ultra HD durulykda LCD ekranly akylly telewizorlaryň birnäçe modelleri öndürilýär. Bu ýerde öndürilýän akylly telewizorlar tor hyzmatlary we zerur interfeýs bilen enjamlaşdyrylan. Kärhanada öndürilýän akylly telewizorlara hojalyk jemgyýeti tarapyndan 1 ýyllyk kepillik berilýär. «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinde işine ussat hünärmenleriň 100-e golaýy yhlasly zähmet çekýär. Häzirki wagtda hojalyk jemgyýetinde öndürilýän önümlere bolan isleg barha artýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Çaryguly HANJAÝEW,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar