Yhlas we yzygiderli türgenleşik ýaryşlarda ýeňşe ýetmegiň iň zerur şertidir

22 Ýanwar 2021
1272

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, halkymyzda «Saglygym — baş baýlygym» diýen pähim bar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ol bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary derejeli sporty we tutuşlygyna olimpiýa hereketini ösdürmäge gönükdirilen belent işlere ugrukdyrýan özboluşly çelgidir. Şulardan ugur alnyp, ýurdumyzda ýaşlarymyz sportuň dürli görnüşlerinde yhlasly we yzygiderli meşgullanmak bilen, halkara ýaryşlarda ýokary üstünlikleri gazanar ýaly derejede türgenleşikleri geçýärler.

Muňa 20-nji ýanwarda milli Liderimiziň paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine baryp, şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlara taýýarlyk görlüşiniň hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşmagynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu baýramçylyk dabaralary türkmen ruhuna laýyk gelmelidir. Şol bir wagtyň özünde olarda häzirki wagtda ýurdumyzda giňden ösdürilýän sport we olimpiýa hereketiniň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ýaýbaňlandyrylyşy öz beýanyny tapmalydyr.

Gülhatyja NURLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar