Sportuň şöhraty dünýä dolýar

24 Ýanwar 2021
1166

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy sagdynlygyň, bagtyýarlygyň we sportuň gülläp ösen mekanyna öwürmek babatda uly işleri durmuşa geçirýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji aýynda türkmen sportunyň dabaralanýandygyny alamatlandyrýan taryhy wakalaryň bolup geçmegi şeýle diýmäge esas berýär.

Milli Liderimiziň ýakynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine baryp görmegi, ol ýerde şu şanly ýylda ýurdumyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlara taýýarlyk görlüşiniň hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşmagy, şeýle-de geçen hepdäniň anna güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi şeýle buýsançly wakalardyr. Galyberse-de, 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň netijelerine dopinge garşy toparyň talaplaryna laýyklykda, gaýtadan seredilendigi, şonuň bilen baglylykda bu çempionatda itekläp götermekde kümüş medalyň eýesi bolan türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewa ýokarda agzalan ýaryşyň altyn medaly gowşuryljakdygy barada hoş habaryň gelip gowuşmagy hem ildeşlerimizi örän begendirdi.

Beýleki habarlar