Baş wezipe — halkyň saglygy

22 Ýanwar 2021
862

Eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly döwlet syýasatynda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere wajyp orun degişlidir. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, sagdynlyk we sport syýasaty halkara derejesinde giňden ykrar edilýär. Ilatyň, şol sanda ýaş nesliň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmagyň, arassaçylyk we öňüni alyş kadalary berjaý etmegiň ähmiýetini düşündirmek, ýaşlary sport bilen meşgullanmaklyga çekmek boýunça häzirki wagtda netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Garaşsyz döwletimiz saglygy goraýyş babatda halkara guramalary we dünýäniň birnäçe döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Olaryň hatarynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy aýratyn orunda durýar. Hususan-da, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ýiti ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy bilelikde göreşmek hem-de olaryň ýetirýän zyýanyny azaltmagyň mümkin bolan ýollary babatda BSGG we beýleki abraýly halkara guramalarydyr döwletler bilen oňyn gatnaşyklar alnyp barylýar. Türkmenistan bu ugurda amala aşyrýan çärelerini dünýä jemgyýetçiliginiň alyp barýan işlerine doly laýyk getirip, halkara tagallalary koronawirusa garşy göreşde birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär.

Wepa BERDALYÝEW,
Daşoguz welaýat kazyýetiniň iş dolandyryş bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar