Ruhubelentligiň özeni

21 Ýanwar 2021
1395

Ýakynda Tejen etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň merkezi kitaphanasynyň işgärleriniň arasynda «Sagdyn durmuş — bagtyýarlygyň gözbaşy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ilatymyzyň saglygyny goramak hakda edýän aladalary, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, jemgyýetçilik ýerlerinde arassaçylyk düzgünlerini dogry berjaý etmegiň kadalary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Ýurdumyzda adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri netijesinde, kadaly iýmitlenmek, keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, arassa howada hereket etmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly kämil ýörelgelere eýermekleri dogrusynda aýdylanlar has-da täsirli boldy.

Beýleki habarlar