Çowdary çöregi

21 Ýanwar 2021
1765

Çowdary dänelik ekinleriň içinde bugdaýdan soňky çöreklik ekin hasaplanýar. Ol dänelik we ot-iýmlik ekin hökmünde dünýäniň köp ýurtlary bilen birlikde, biziň ýurdumyzda hem ekilýär. Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda çowdarydan çörek önümlerini öndürýän kärhanalar işläp, azyk harytlary dükanlarynda çowdary çöreginiň dürli görnüşleri halkymyza hödürlenilýär.

Lukmanlar çowdary çöreginiň ynsan saglygy üçin peýdalydygy, onuň, esasan-da, berhizlik ähmiýetiniň bardygy barada anyk maglumatlary berýärler. Çünki onuň dänesiniň düzüminde adam bedenine gerek bolan birnäçe witaminler, beloklar, uglewodlar, mineral maddalar saklanýar. Ylmy maglumatlara görä, çowdary dürli keselleriň öňüni almakda, bejermekde hem uly ähmiýete eýedir.

Ogulnyýaz BEGALIÝEWA,
Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň 23-nji orta mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar