Hem azyk, hem melhem

21 Ýanwar 2021
995

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda belleýşi ýaly, saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşiniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Ýurt Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltden ybarat ylmy-ensiklopedik işi dünýä derejesinde ykrar edilen gymmatly ylmy gollanma boldy. Halk lukmançylygynda giňden ulanylýan ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerini ylmy esasda görkezýän bu ylmy iş alym Arkadagymyzyň öz halkyna eden uly peşgeşidir. Diňe bir dermanlyk ösümliklerimiz däl, eýsem, keremli topragymyzda zähmetkeş babadaýhanlarymyzyň, ussat bagbanlarymyzyň ýetişdiren gök-bakja önümleri we miweleri hem tagamynyň datlylygy, ynsan bedenine ýokumly maddalara baýlygy bilen dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýedir. Ynsan saglygyna peýdalydygy bilen uly isleg bildirilýän, irki döwürlerden bäri türkmen topragynda ýetişdirilýän datly miweleriň biri hem erikdir. Erigiň peýdasy barada Görogly etrabynyň Magtymguly adyndaky geňeşliginiň ýaşaýjysy, kärendesine bir gektar ýer alyp, miweli baglaryň köp görnüşlerini ýetişdirip gelýän yhlasly bagban Mähri Ataýewanyň beren gyzykly gürrüňlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik:

— Her daban ýeri gyzyla barabar bolan topragymyzda däneli we kösükli, gök-bakja ekinleri bilen bir hatarda dürli görnüşli miweleri ösdürip ýetişdirmäge hem uly üns berilýär. Türkmen topragynda biten gawun-garpyzlara, dürli miwelere we olardan taýýarlanan önümlere dünýäniň ähli künjeklerinde hem ýokary derejede isleg bildirilipdir. Gahryman Arkadagymyz erigiň peýdasy barada «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 6-njy jildinde has giňişleýin maglumat berýär.

Ýazga geçiren Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Görogly etrap geňeşiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar