Kompýuter — ygtybarly enjam

17 Ýanwar 2021
1882

Kompýuter — häzirki zaman dünýäsinde iň ygtybarly we derwaýys enjamlaryň biridir. Onuň derwaýyslygy islendik işi wagt ýitirmezden, tiz ýerine ýetirmäge ukyplylygy bilen ölçenýär. Geçen asyrlarda akyl zähmeti bilen meşgullanýanlar çylşyrymly hasaplamalary amala aşyrmaly bolanlarynda, köp wagt sarp etmeli bolupdyrlar. Häzirki ösen zamanada bolsa, bary-ýogy sähelçe wagtyň dowamynda ýüzlerçe amallary ýerine ýetirip bolýar.

Meşhur matematik Eýler asman jisimleri bolan kometalaryň traýektoriýalaryny, Lewer Neptun planetasynyň traýektoriýasyny we Uran planetasynyň hereketini hasaplamak üçin birnäçe ýylyny sarp edipdirler. Kompýuterler bolsa bu hasaplamalary sanlyja minutyň içinde ýerine ýetirmäge ukyply. Kompýuterleriň kömegi bilen häzirki döwürde emeli hemralaryň hereketine gözegçilik etmekde uly işler alnyp barylýar.

Aýgözel SOPYÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.
Beýleki habarlar