Tehnologiýa dünýäsi

15 Ýanwar 2021
2155

HALKARA SERGINIŇ IŇ GOWY SMARTFONLARY

■ ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde geçirilen elektron enjamlaryň halkara sergisinde (CES 2021) dürli enjamlar bilen bir hatarda, smartfonlaryň hem birnäçe görnüşi tanyşdyryldy. Bu ýyl sanly ulgam arkaly geçirilen sergide görkezilýän smartfonlaryň iň gowulary saýlandy. Taýýarlanan sanawda «OnePlus 8 Pro» birinji orna eýe boldy. Geçen ýyl tanyşdyrylan telefonyň 6,78 dýuým ululygynda QHD+ ekrany bar. «Snapdragon 865» mikroprosessory oturdylan smartfonyň hemişelik ýadynyň göwrümi 128 hem-de 256 gigabaýta deň. Telefonyň yz tarapynda dört sany kamera bolup, olaryň ikisi 48 MP durulygynda surata alýar. Şeýle hem 8 MP durulygynda telefoto we 5 MP durulygynda reňk öwüşginini berýän linzalar bar. Telefonyň öň tarapynda bolsa, 16 MP durulygynda selfi kamerasy ýerleşdirilipdir. «Android 10» amaly ulgamynda işleýän telefon çydamlylyk synagynda hem şowly netije görkezipdi.

Amanmyrat BAÝMYRADOW,
žurnalist.
Beýleki habarlar