Baky bagtyýarlygyň bagtly miweleriýetilen belent sepgitlerde we ösüşlerde has aýdyň şöhlelenýär

14 Ýanwar 2021
2183

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasatyndan ugur alyp, parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen Bitaraplyk syýasatynyň ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda, Türkmenistanyň migrasiýa babatdaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, eziz Watanymyzyň howpsuzlygyny we bähbitlerini goramak, Türkmenistanyň migrasiýa babatdaky halkara ylalaşyklaryndan gelip çykýan borçlarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek ýaly wezipeleri ýerine ýetirmegi ýokary derejede alyp barýar.

Dünýäniň häzirki zaman ösen tehnologiýasyndan netijeli peýdalanmak, şeýle hem raýatlara döwrebap hyzmatlary bermek maksady bilen, gullukda resminamalaryň elektron dolanyşygy hem giňden ýola goýlandyr. Elektron resminama dolanyşygy hemra aragatnaşyk ulgamy we optiki süýümli kabel arkaly amala aşyrylýar. Hemra aragatnaşyk ulgamynyň üsti bilen Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we gullugyň ähli birlikleriniň arasynda ýokary hilli ýörite aragatnaşyk tory gurnalan.

Remezan GULLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar