Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

13 Ýanwar 2021
2204

Adamzat işini aňsatlaşdyrýan, ýeňillik döredýän zatlary durmuşyna juda çalt depginde ornaşdyrýar. Ylmyň gazananlarynyň mynasyp durmuşa geçirilmegi adamlaryň işini ýeňilleşdirmek, uly mümkinçilikleri döredip bermek bilen birlikde, wagty tygşytlamakda hem uly ähmiýete eýedir. Şeýle şertleriň döremeginde bolsa, esasy orun sanly ulgama degişli bolup durýar. Sanly ulgamyň sanardan köp mümkinçilikleri netijesinde adamlar birnäçe amatlyklardan peýdalanýarlar. Häzirki wagtda onuň ýurdumyzyň ähli pudaklaryna ornaşdyrylmagy bilen ähli işlerde ençeme ýeňillikler döredi. Onuň netijesinde söwda merkezlerinde bank kartlary arkaly söwda etmekden başlap, dürli harytlary internet arkaly sargamak, zerur bolan tölegleri ýerine ýetirmek, «Türkmenhowaýollary» we «Türkmendemirýollary» agentlikleriniň halkymyza hödürleýän mümkinçilikleri, ýagny petekleri onlaýn görnüşde satyn almak hem-de nagt däl hasaplaşyklary geçirmek, «Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan sanly ulgamyň durmuşymyzdaky geriminiň barha giňeldilmegi ýaly şertler hem ýokarda aýdylanlara aýdyň subutnamadyr.

Her gününi ösüşlere we üstünliklere besläp, mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly toýuna barýan Watanymyzda bu mümkinçilikler köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bolan gazetdir žurnallara hem giňden ornaşdyrylýar. Her günki täzeliklerdir habarlar we täsirli makalalar bilen ilkinjileriň hatarynda tanyşmak üçin internet arkaly «metbugat.gov.tm» saýtyndan peýdalanyp bolar. Saýtda her günki neşir edilýän gazetleriň yzygiderli ýerleşdirilmegi arkaly täzeliklerdir habarlar we makalalar bilen tiz tanyşmak mümkin.

Tagangül SEÝITMÄMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby, «Esger».
Beýleki habarlar