Sanly ulgamyň mümkinçilikleri ýurdumyzyň maglumat giňişliginde öz beýanyny tapýar

13 Ýanwar 2021
2140

Ösüş döwrebaplygy talap edýär. Biz tehnologiýalar eýýamynda ýaşaýarys. Biziň innowasiýa nukdaýnazaryndan çalt depginler bilen özgerýän dünýämiz durmuşymyzyň ähli ugurlarynyň doly sanlylaşdyrylmagyny ösüşiň baş şerti hökmünde öňe çykarýar. Ösen sanly hyzmatlar ulgamynyň we maglumat giňişliginiň bolmagy durmuşymyzy ähli babatda ýönekeýleşdirmek we ýeňilleşdirmek bilen, gündelik zerurlyklarymyza sarp edilýän wagty hem-de harajatlary tygşytlamaga ýardam berýär.

Häzirki zaman şertlerinde islendik döwletde uzak möhletleýin durnukly ösüşi gazanmak, ilkinji nobatda, ýurduň öňünde ilatyň isleglerini doly kanagatlandyryp biljek sanly hyzmatlar hem-de giň maglumat üpjünçiligi ulgamyny ösdürmek zerurlygyny ýüze çykarýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, Türkmenistanda sanly hyzmatlar we maglumat üpjünçiligi ulgamy netijeli ösdürilýär. Ýurdumyzda degişli ugurda geçirilýän özgertmeler häzirki wagtda hereket edýän «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda üstünlikli amala aşyrylýar. Muňa türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «www.iirmfa.edu.tm» internet saýtynyň işe girizilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Jumamyrat GUTLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby.
Beýleki habarlar