Multimedia tehnologiýalary we sanly bilim ulgamy

10 Ýanwar 2021
2746

Ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen şol işleriň güýçli depginde amala aşyrylmagy tejribede özüniň mynasyp netijesini berýär. Innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly meseleleri üstünlikli çözmek üçin şol tehnologiýalary ulanyp biljek ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak döwrüň talabydyr. Biz hem innowasion tehnologiýalaryň käbiri dogrusynda giňişleýin maglumatlary bermegi makul bildik.

Multimedia grafika, tekst, wideo, fotosurat, hereketlenýän şekiller (animasiýa), ses effektleri, ýokary hilli sesi gurnaýjy ýaly birnäçe informasion gurluşlary öz içine alýar.

Wepamyrat HOJAMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar