Innowasion önümçiligiň ösüşi

8 Ýanwar 2021
2105

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, senagat mümkinçiliklerini artdyrmak, durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmak, sebitleri toplumlaýyn ösdürmek, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şol maksat bilen eziz Arkadagymyzyň maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlary Türkmenistanyň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyply artykmaçlyklaryndan ugur almak bilen kesgitlenilýär. Şol artykmaçlyklar, ozaly bilen, ägirt uly tebigy baýlyklaryň bolmagynda jemlenýär. Şolary senagat taýdan işläp taýýarlamak hem-de taýýar önüm görnüşinde çykarmak ýurdumyzyň esasy ykdysady ugruna öwrüldi.

Innowasion önümçilige maýalaryň goýulmagy halk hojalygynyň esasy pudaklaryny we ulgamlaryny ösdürmegiň maksatnamalaryna netijeliligi bermäge, ýurdumyzyň önüm öndürijileri, şol sanda hususy önüm öndürijilerini goldamaga ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem döwletimiziň girdejileriniň çeşmesi bolup durýan, uly isleg bildirilýän harytlaryň hasabyna eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge kömek edýär. Gahryman Arkadagymyzyň Diýarymyzy ykdysady, senagat, ylmy-tehniki taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri bilen kesgitlenilýän maýa goýum syýasaty halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilip, jemgyýetiň, her bir raýatyň döredijilik we ruhy mümkinçiliklerini doly açmaga ýardam eder.

Döwletmyrat ATAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar