Elektron aragatnaşyk hyzmatlary täze röwüşde

6 Ýanwar 2021
2277

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň mümkinçilikleriniň giňden peýdalanylmagy sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmek üçin oňyn şertleri döredýär. Bu bolsa ykdysady ösüşiň netijeliligini üpjün edýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak ugrunda hem uly üstünlikler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak ugrunda berýän tabşyryklaryny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça ýurdumyzda möhüm işler alnyp barylýar.

«Tmchat» — döwrebap aragatnaşyk

Jangeldi IŞANKULYÝEW,
žurnalist.
Beýleki habarlar