Sagdynlygyň gözbaşy

5 Ýanwar 2021
1366

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda keselleriň öňüni almak ýola goýlup, halk bähbitli uly işler durmuşa geçirilýär. Ilatymyzy dürli ýokanç kesellerden gorap, olaryň kesellere garşy durnuklylygyny berkidýän derman serişdeleriniň, keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň geçirilýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Biz saglygy goraýyş işgärleri bolup, adamlara sagdyn durmuş ýörelgeleri, arassaçylyk kadalary barada yzygider maslahatlary berýäris, düşündirýäris. Munuň özi ilatymyzyň arasynda arassaçylygyň saklanmagyna oňat täsir edýär. Şeýle hem ilatyň dogry iýmitlenmeklerini, bäbekleri ene süýdi bilen iýmitlendirmeklerini, ondan soň çaganyň aýyna-ýaşyna görä maşgala lukmanlary ýa-da şepagat uýalary bilen maslahatlaşyp, çagalaryna goşmaça iýmiti bermeklerini hem-de olara dogry ideg etmeklerini, çagalary ýaşyna görä dürli oýnawaçlar bilen oýnatmaklaryny ündeýäris. Çagalarymyz bilen dürli oýnawaçlary bilelikde oýnamak, olar uka gitmänkä kitap okap ýa-da erteki aýdyp bermek, has kiçi ýaşly çagalary bolsa hüwdi bilen hüwdüläp ýatyrmak olaryň kiçilikden ata Watanymyzy, ene topragymyzy söýmekde berk bedenli, dürs pikirli, aňly-düşünjeli, giň dünýägaraýyşly ynsan bolup ýetişmeklerinde aýratyn orny bar. Dürli edara-kärhanalarda, mekdeplerde, çagalar baglarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, tegelek stollaryň başyndaky söhbetdeşliklerde sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagy, agyz-burun örtüklerini dakynmagy, bellenen 2 metr araçägi saklamagy wagyz edýäris. Şonuň ýaly-da pasla görä geýnip gezelenç etmeklerini, zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny bellenen tertipde almaklaryny, yzygiderli arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeklerini maslahat berip durýarys.

Nurgözel KÖMEKOWA,
Aşgabat şäherindäki 16-njy saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar