Eltip bermek hyzmaty

5 Ýanwar 2021
2005

Hormatly Prezidentimiz 9-njy dekabrda söwda toplumyny ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatynda, ilkinji nobatda, içerki bazarlaryň azyk we zerur bolan beýleki harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmagyň, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmagyň, şol sanda elektron söwdalary we eltip bermek hyzmatlaryny giňden guramagyň döwrüň ösen talabydygyna ünsi çekip, bu ugurda degişli görkezmeleri berdi.

Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy esasynda ählumumy internet ulgamlarynda ýurdumyzyň harytlaryny hödürlemek, söwda kärhanalaryň web-sahypalaryny açmak, onlaýn söwdalary guramak arkaly, ýurdumyzyň harytlaryny ýerlemek, ykjam telefonlaryň degişli goşundylaryny döretmek, harytlary uzak aradan satmak, satyn almak we eltip bermek hyzmatlaryny guramak üçin mümkinçilikler giňelýär. Täze ýyl baýramynyň giňden bellenilen günlerinde bu hyzmatlardan peýdalanýanlaryň sany has-da artdy.

Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar