Kämil innowasion ösüş

4 Ýanwar 2021
2395

Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak, tehnologiýalaşdyrmak boýunça öňe sürýän döwlet syýasaty ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmegiň baş şerti bolup çykyş edýär. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler bilimli jemgyýeti kemala getirmek, ähli pudaklarda maglumat giňişligini döretmek, döwrebap we iň täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, öndürilýän harytlaryň we hyzmatlaryň elýeterliligini hem-de hilini ýokarlandyrmak arkaly ilatyň hal-ýagdaýyny we durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Ýurdumyzda sanly reformanyň geçirilmegi — önümçilige iň täze we döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy öndürilýän harytlaryň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokary bolmagyna, ýokary islegden peýdalanylýan gymmaty ýokary bolan harytlaryň öndürilmegine mümkinçilik berýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizde öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň dünýä bazaryndaky ornunyň berkemeginiň esasy şerti bolup durýar.

Rahym BÄŞIMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar