«Bagabat» — ajaýyp mekan

4 Ýanwar 2021
1203

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň we beýleki giň möçberli maksatnamalaryň çäklerinde Türkmenistanyň sebitlerinde döwrebap saglyk düzümini kemala getirmek işi dowam edýär. Her ýyl täze lukmançylyk hem-de şypahana-dynç alyş ugurly desgalar — sagaldyş merkezleri, şypahanalar hem-de dynç alyş öýleri ulanylmaga berilýär. Şolar enjamlaşdyrylyşy hem-de hödürleýän hyzmatlary babatda dünýädäki şeýle desgalardan birjikde pes durmaýar.

Ajaýyp künjekde gurlan «Bagabat» şypahanasy munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Täze ýylyň ilkinji gününde Mejlisiň ýolbaşçylary hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynda ýerleşýän bu şypahana bardylar.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar