Il saglygy — ýurt baýlygy

4 Ýanwar 2021
1120

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn bedenli, sagdyn ruhly, döwrebap bilim-terbiýeli bagtyýar ýaşlar bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda hereket edýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp saglygy goraýyş işgärleri yhlasly zähmet çekýärler.

Şolaryň hatarynda welaýat çagalar hassahanasynyň rewmokardiologiýa bölüminiň müdiri Gülbahar Nepesowa bilen şepagat uýasy Tawus Permanowany hem agzamak bolar. Olar ýaş nesilleriň saglygyny gorap saklamak ugrunda irginsiz alada edip, hassahananyň dünýä ülňülerine kybap gelýän ýokary tehnologiýaly enjamlarynyň üsti bilen körpeleriň saglygyny bejerýärler.

Beýleki habarlar