Saglygyň gadryny bilgil...

28 Oktýabr 2024
335

Saglyk — adamyň baş baýlygy. Saglygyň bolmasa, bu dünýäniň hany-many puç bolup görünýär. Bu barada Magtymguly atamyz hem: «Saglygyň gadryny bilgil, // Hasta bolmasdan burun» diýip, saglygyň bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygyny dürdäne setirlerinde bize nesihat edýär. Hut şu paýhasly jümleden görnüşi ýaly, adamyň saglygy, ilkinji nobatda, onuň özüne baglydyr. Munuň üçin bolsa, her bir adamyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi endik etmegi hökmandyr. Şunda her paslyň howa şertlerine görä geýinmek, wagtly-wagtynda beden üçin ýokumly iýmitlerden iýmek, iň esasysy bolsa, saglyk üçin peýdaly bolan ot-çöplerden taýýarlanan melhemli çaýlary, şeýle-de miwe şirelerini içmek iňňän uly ähmiýete eýedir. Şunda Milli Liderimiziň öz halkyna peşgeş eden «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynyň her bir okyjy üçin gymmatly gollanmadygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýakynda bolsa, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, ähli halkyna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XVI jildini sowgat etdi. Bu uly peşgeş biz — saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini diýseň begendirdi.

Ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň, miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri giňişleýin beýan edilýän bu düýpli ylmy iş okyjylara adamzadyň gazanan üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk ylmyna uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesi hem-de däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Baý mazmunly ensiklopediýa daşary ýurtly okyjylary ýurdumyzyň tebigaty bilen ýakyndan tanyşdyrmaga hem mümkinçilik döreder.

Güljahan HOJAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar