Möwsümleýin keselleriň öňüni almak

27 Oktýabr 2024
442

Güýz-gyş döwründe ýiti respirator ýokanç kesellerinden goranmak boýunça berjaý edilmeli düzgünler bardyr. Möwsümleýin döreýän kesellerden goranmak maksady bilen her bir adam şahsy arassaçylyk tertip-düzgünini berjaý etmelidir we bu babatda çagalara şahsy görelde bolmalydyr. Kesel dörediji wiruslaryň dürli görnüşleri bolýar we olar üýtgäp bilýär, şol sebäpli bu keselleriň öňüni almak örän möhümdir. Syrkaw adam köpçülik ýerlerine barmakdan saklanmagy zerurdyr. Onuň üçin keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykanda lukmana ýüz tutmaly, degişli barlagdan geçmeli we diňe lukmanyň bellän derman serişdelerini ulanmaly.

Gök önümler we miweler arkaly adam bedenine dürli howply mikrobedenjikler düşüp biler. Çagalar wagtlarynyň köp bölegini daşarda geçirýärler. Olara öýe gelensoň ellerini sabynlap ýuwmalydygyny ýatladyp durmalydyrys. Gök önümleri we miweleri saçaga goýmazdan öň akar suwuň aşagynda 10-15 minutlap ýuwmak maslahat berilýär. Gök önümler we miweler belli söwda nokatlaryndan satyn alynmalydyr we olaryň arassalygyna üns berilmelidir.

Aýlar HOJAGULYÝEWA,
Aşgabat şäher Çagalar hassahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar