Jöwzaly tomsuň ýiti gün şöhlesinden goranyň!

25 Iýun 2024
60

Her bir paslyň özüne mahsus howasy bar. Gün şöhlesi, arassa howa ynsan saglygyna örän peýdaly. Gün şöhlesi ýerlikli peýdalanylanda, bedeniň kesellere garşy göreş ulgamyny pugtalandyrýar. Emma Gün şöhlesiniň aşagynda uzak wagtlap durulmagy, gezilmegi, işlenilmegi bedende dürli bozulmalaryň ýüze çykmagyna getirýär. Howanyň gyzmagy bedeniň öte gyzmagyna getirýär we merkezi nerw ulgamyna zyýanly täsir edýär.

Şol sebäpli hem, her bir raýata gündiz sagat 12:00-dan 15:00 aralygynda Günüň aşagynda gezelenç etmek maslahat berilmeýär. Gezelenç etýän adamlara bolsa Gün şöhlesinden goranmak üçin açyk reňkli egin-eşik, kelläňe başgap geýmeli ýa-da ýaglyk atynmaly we saýawan götermek maslahat berilýär, şeýle-de Günden goraýjy äýnekleri dakynmaly. «Saglygym-baş baýlygym» diýlişi ýaly, her bir adam özüni Gün urma howpundan goramalydyr!

Serwi ESENOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby.
Beýleki habarlar