Suw, howa we saglyk

25 Iýun 2024
60

Tomus pasly dowam edýär. Zähmet rugsadyna çykan ildeşlerimiz ýurdumyzyň şypahanalarydyr dynç alyş merkezleri bilen bir hatarda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda köpçülikleýin dynç alýarlar. Şoňa görä-de, deňziň kenarynda dynç almagyň aýratynlyklary we adam bedenine edýän täsiri dogrusynda söz açmagy makul bildik.

Deňiz suwy adam bedeninde bolup geçýän alyş-çalyş hadysalarynyň işjeňleşmeginde, deri öýjükleriniň we buýnuz gatlaklarynyň täzelenmeginde, öýjükleriň ýagdaýynyň gowulanmagynda peýdalydyr. Deňiz suwuna düşen adam özüni rahat, ýeňil, sagdyn duýýar, onuň keýpi ýokarlanýar, şähdi açylýar. Minerallara we mikroelementlere baý deňiz suwy bogun agyryly näsaglar üçin peýdalydyr.

Şemşat SAPARLYÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 15-nji saglyk öýüniň baş lukmany.
Beýleki habarlar