Siz ýüzmegi öwrendiňizmi?

24 Iýun 2024
68

Çagalar üçin ýatdan çykmajak pursatlaryň biri-de tomusky dynç alyş döwrüdir. Häzir olaryň ençemesi Gökderäniň salkyn jülgelerindäki sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde, gözel «Awazanyň» goýnunda, bagy-bossanly oba-kentlerimizde dynç alýarlar. Kitap okamak, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak olaryň esasy güýmenjeleriniň biridir.

Gün, suw, çäge — bular tomsuň aýrylmaz bölegidir. Suwa düşmegiň ilkinji şertleriniň biri ýüzüp bilmeklikdir. Çagalary özbaşdak suwa düşmäge goýberip bolmaz, emma öz gözegçiligiňizde ol ýere alyp gitseňiz, olara ýatdan çykmajak dynç alşy sowgat etdigiňiz bolar.

«Nesil».
Beýleki habarlar