«Ferrariniň» ilkinji elektromobili ýarym million amerikan dollaryndan hem gymmat bolar

23 Iýun 2024
24

Italiýanyň «Ferrari» kompaniýasynyň öndürjek ilkinji elektromobiliniň bahasy 500 müň amerikan dollaryndan ýokarda bolar. Şeýle-de hünärmenler her bir ulagyň enjamlaşdyrylyşyna görä, bahanyň ýene-de 15 — 20 göterim ýokary bolup biljekdigini çaklaýarlar. Meşhur italýan brendi tarapyndan öndüriljek ilkinji elektromobil 2025-nji ýylyň ahyrynda bazara çykar. Elektromobilleriň önümçiligi kompaniýanyň Italiýanyň demirgazygynda Maranello şäherinde täze gurulýan zawodynda alnyp barlar. Zawodyň açylyşynyň ýakyn günlerde bolmagyna garaşylýar.

Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, täze zawod ýylda 14 müňden 20 müňe çenli elektromobilleri öndürmäge ukyply bolar.

Beýleki habarlar