Tomus. Dynç alyş. Şypahana

19 Iýun 2024
98

Şu günler tomus, dynç alyş, şypahana sözleri biri-biriniň yzyndan tirkeşip gelýär. Tomus paslynda zähmet rugsadyna çykmak ählimize hoş ýakýar. Rugsada çykandan soň bolsa, göwnüň şypahanada dynç almakdadyr. Şeýle bolansoň, şu günler «Farap» şypahanasynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelen ildeşlerimizi görmek tötänlik däl. Çünki bu şypahana olaryň göwnejaý we sagdyn dynç almak üçin ilkinji saýlaýan ýerleriniň biri. Şypahanada şu günlerde alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, newropotolog lukman Nursoltan Akmyradowa ýüz tutduk:

— Tomus möwsüminde şypahanamyz, hakykatdan hem, has köp adamly. Çünki bu möwsümde medeniýetli dynç almak bilen bir hatarda saglygy dikeltmek ugrundaky bejergiler hem has ýerine düşýär. Ýagny, jana şypa, bejeriji mineral suwy bilen meşhur şypahanamyzyň tomus günlerindäki esasy aýratynlygy açyk asmanyň astyndaky bejeriş we dynç alyş çäreleridir. Şypahanamyzda üsti ýapyk howuzlar bilen bilelikde daşarky howuzlar, basketbol we woleýbol meýdançalary hem hereket edýär. Myhmanlarymyz trenažýorlaryň, amfiteatryň hyzmatyndan hem giňden peýdalanyp bilýärler.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar