Kadaly iýmitlenmek — saglygyň gözbaşy

16 Iýun 2024
232

Maşgala, dogan-garyndaşlar, goňşy-golamlar, dost-ýarlar bilen bilelikde geçirilýän baýramçylyk saçagyna iýmit önümleri goýlanda, olaryň taýýarlanyş, saklanyş düzgünleri pugta berjaý edilmelidir. Muňa arassaçylyk — gigiýena kadalarynyň ýönekeýje şertleri hem degişli bolup biler. Hut şonuň üçin baýramçylyk saçagyny taýýarlaýanlaryň arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegi hökmandyr.

Mundan başga-da, howanyň yssy döwrüne gabat gelen baýramçylyk günlerinde bedende, iýmit siňdiriş ulgamynda näsazlyklary ýüze çykarmak howpunyň öňüni almak üçin çendenaşa iýmekden saklanmalydyr.

Ogulnabat GELDIÝEWA,
Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň iýmit önümleriniň bakteriologiýa barlagy bölümçesiniň müdiri.
Beýleki habarlar