Tomus möwsüminde taplama çärelerini guramagyň ähmiýeti

15 Iýun 2024
176

«Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynda» çaganyň irki ösüşiniň we mekdebe taýýarlygynyň görkezijileri dogrusynda ýaş nesilleriň durmuşa taýýarlygy göz öňünde tutulýar. Şeýle-de komminikatiw (çaganyň ýakynlary we beýleki çagalar bilen bilelikde oýnamak, meşgullanmak) endiklerini ösdürmeklige üns berilýär. Tomus möwsüminde körpeler bilen dürli gyzyklanma we göwnaçma çäreleri, aýdym-sazly çykyşlar, hereketli hem-de many-mazmunly oýunlar, duýgulary ösdürmek üçin öwrediji oýunlar, bäsleşikler yzygiderli guralýar. Esasan-da, tomus möwsüminde çagalar bakja-bagynyň körpeleri bilen guralýan bedeni taplama, endamyny sürtme, suwa taplama çäreleri tassyklanan gün tertibine laýyklykda, her gün günüň birinji ýarymynda geçirilýär. Körpeler bilen açyk howada geçirilýän bu çäreler gün tertibinde göz öňünde tutulan irki maşklaryň, gezelençleriň çäginde guralýan dürli hereketli oýunlaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Oýun meýdançalarynda taplama çärelerini geçirmek üçin taýýarlanylan ýörite ýodajyklarda çagalar bilen açyk howada gezelençler guralýar. Şunuň ýaly çäreleriň irki ýaşdan başlap geçirilmegi körpeleriň bedeniniň berkemeginde, hereket işjeňliginiň artmagynda, olaryň ruhubelent, şadyýan kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir.

Tomus paslynda çagalaryň bedenini taplamak bäş möwsümden ybaratdyr. Bu çäreler hepdäniň hemme günleri dowam edýär. Şunuň ýaly işleriň geçirilmegi körpeleriň şadyýan we sagdyn bolmagyna uly ýardam edýär.

Ogulkeýik AMANOWA,
Aşgabat şäherindäki 142-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.
Beýleki habarlar