AŞTU täze “Smart Goldaw” hyzmatyny işe girizdi

14 Iýun 2024
127

“Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (ÝGPJ) ýörite programma üpjünçiligi hem-de aragatnaşyk torlary arkaly habar beriş howpsyzlyk we gözegçilik ulgamynyň “Smart Goldaw” hyzmatyny girizdi.

AŞTU-nyň duşenbe güni habar bermegine görä, häzirki wagtda bu habar beriş howupsyzlyk we gözegçilik ulgamy dolandyryş enjamlaryny, hereketleri belleýji we magnit-kontakt gurluşlary (datçikler) öz içine alýar. Şeýle hem bu ulgama ýangyn duýduryjy, gaz analizatorlary we suw akmasyny anyklaýjy gurluşlary birikdirmäge mümkinçilikler bar.

Beýleki habarlar