Tehnologiýalar eýýamy

12 Iýun 2024
132

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşini täze derejelere çykarmak, ylmy barlaglaryň, tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, olary jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirmek alymlarymyzyň öňünde goýulýan wajyp wezipelerdir. Olaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi Ylymlar güni mynasybetli guralan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň, «Ýaşyl» ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-nano-bio we maglumat tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň netijelerinden hem aýdyň göründi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ylmyň hem tehnikanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça däp bolan bäsleşigiň jemleri jemlenip, şu ýyl bu abraýly ylmy bäsleşige gatnaşan ýaşlaryň 1670-siniň işleri seljerilip, 107-si ýeňijiler diýlip yglan edildi. Olaryň hatarynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýaşlarynyň hem bolmagy has-da guwandyryjydyr. Şanly ýylda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň hem-de Ylymlar gününiň dabaralary biri-biri bilen utgaşdy. Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiriniň çap edilmegi bu şanly senelere mynasyp sowgat boldy.

Saparmyrat ANNAMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.
Beýleki habarlar