«Nvidia» «Appleden» geçdi, öňde «Microsoft» bar

9 Iýun 2024
82

ABŞ-nyň «Nvidia» kompaniýasynyň paýnamalary rekord derejä çenli gymmatlap, ony «Apple» kompaniýasyndan öňe geçirdi hem-de dünýäniň iň gymmat ikinji brendine öwürdi. Has anyk aýtsak, «Nvidianyň» emeli aňyň esasynda çip öndürijisiniň döredilmegi kompaniýanyň bazar bahasynyň 3 trillion amerikan dollardan geçmegine şert döretdi. Häzirki wagtda dünýäniň iň gymmat brendi hasaplanýan «Microsoft» kompaniýasynyň bazar bahasy bolsa 3,15 trillion amerikan dollaryna deňdir.

«Nvidia» kompaniýasynyň paýnamalary 5-nji iýunda 5,2 göterim gymmatlap, 1224,40 dollara ýetdi, şol bir wagtyň özünde kompaniýanyň bazar bahasy 3,012 trillion amerikan dollar boldy. «Apple» kompaniýasynyň bazar bahasy soňky gezek paýnamalary 0,8 göterim gymmatlanda, 3,003 trillion amerikan dollary bolupdy.

Beýleki habarlar