Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň üns merkezinde — innowasion tehnologiýalar

10 Iýun 2024
139

9-njy iýunda paýtagtymyzda «Ýaşyl» ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylymlar gününe bagyşlanyp guralan maslahat türkmen alymlary bilen bir hatarda, 10-a golaý ýurtdan mugallymlary we ýaş alymlary bir ýere jemledi.

Forumyň aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlaryna beslenen açylyş dabarasy Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi. Ýeri gelende bellesek, bu ýokary okuw mekdebi döwletimiziň intellektual we ylmy-tehniki mümkinçilikleriniň ösüşiniň esasy merkezleriniň birine öwrülýär. Bu ýerde uniwersitetiň talyplarydyr ýaş mugallymlary tarapyndan guralan innowasion taslamalaryň we tehnologiýalaryň ajaýyp sergisi ýurdumyzyň öňdebaryjy bilim ojagynyň bu ugurda gazanýan üstünliklerine göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Şeýle hem bu ýerde ak öý gurnalyp, halkymyzyň gündelik durmuşyny, milli medeniýetimiziň köpöwüşginliligini şöhlelendirýän gymmatlyklar görkezildi. Maslahata gatnaşyjylara milli tagamlar hödür edildi. “Oguzlar” aýdym-saz toparynyň ajaýyp çykyşlary daşary ýurtly myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Beýleki habarlar