Görer gözüň gymmaty

6 Iýun 2024
124

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Bellidir» atly goşgusyndaky: «Görer gözüň gymmaty, kör ýanynda bellidir» diýen setirleriniň gymmaty sanly eýýamyň mümkinçilikleriniň ösýän we adamlary aşa özüne çekýän zamanasynda has artýar. Sebäbi telewizoryň, kompýuteriň, telefonyň başynda güýmenip, hereketsiz oturmak ynsan synalarynyň beýleki agzalary bilen birlikde, gözüň görüjiliginiň peselmegine täsirini ýetirýär.

Ylmy barlaglaryň tassyklamagyna görä, adamlar maglumatlaryň 80—90%-ni gözüň üsti bilen kabul edýärler. Lukmanlaryň geçiren barlaglarynyň netijesinde, kompýuterleri ulanmakda wagt dowamlylygyny berjaý etmek wajypdyr. Çagalara 3 ýaşa çenli telefon, planşet berilmese gowy. Kompýuteriň başynda köp wagtyny sarp edýän uly adamlar bolsa her 20 minutdan göze dynç bermeli. 5 minudyň dowamynda gözüňi ýummaly, göz maşklaryny ýerine ýetirmeli we gözi nemlendirýän damjalary damdyrmaly. Kompýuteriň başynda köp oturýan adamlar ulanyş kadalary dogry berjaý etmese, onda olarda ýüze çykýan gözüň gyzarmagy, ýaşarmagy, içine gum sepilen ýaly, gözüň öňi tutulan ýaly alamatlar gözüň «gury sindromynyň» döremegine getirýär. Bu alamatlar kompýuteriň zyýanly täsiri bolman, eýsem, onuň ulanyş kadalarynyň dogry berjaý edilmezliginden ýüze çykýan ýagdaýdyr.

Annageldi SAPARGELDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar