Suwuň bedene täsiri

6 Iýun 2024
139

Adamzat ýaşaýşyny suwsuz göz öňüne getirip bolmaýar. Suw teşneligi gandyrmak bilen bir hatarda, arassaçylygyň hem sagdynlygyň girewidir.

Adam suwa çümeninde oňa suwuň mehaniki basyşy täsir edýär. Bu basyş suwuň gatlagy näçe uly bolsa, ýagny adam näçe aşak düşdügiçe uly bolýar. Mälim bolşy ýaly, her bir 10 metr çuňlukda suwuň basyşy 1 atmosfera ýokarlanýar. Suwa çümülende äýnekler dakylanda, ýarymmaskalar we gidrokostýumlar geýlende iki tarapdan basyşlar deňeşdirilmese, olar dokumalary gysýar. Şonuň üçin äýnekler suwa çümülende dakylman, diňe suwda ýüzülende dakylýar. Suwuň aşagynda adam dik duranynda, onuň ýokarky we aşaky bölegine basyş deň täsir etmeýär.

Maýagül GARAJAÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 16-njy saglyk öýüniň maşgala şepagat uýasy.
Beýleki habarlar