Ýaş nesliň saglygy we halkyň abadançylygy baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

6 Iýun 2024
76

Daşoguz, 5-nji iýun (TDH). Şu gün Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi.

Bu waka halkymyzyň, ilkinji nobatda, ýaşajyk raýatlarymyzyň saglygy we abadançylygy hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeler strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, onuň düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, innowasion tehnologiýalaryň, iň gowy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagyna, lukmançylyk ylmynyň ösdürilmegine, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, ugurdaş öňdebaryjy merkezler bilen netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Abraýly halkara düzümler, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlyk hem oňyn ösüş häsiýetine eýedir.

Beýleki habarlar