Gün urmadan ägä boluň!

5 Iýun 2024
73

Gün urma — bu aşa yssy günlerde Günüň göni şöhleleriniň adamyň kellesine uzak wagtlap eden täsiri netijesinde kelle beýnä zeper ýetmegi bilen ýüze çykýan ýagdaýdyr. Bu ýagdaý daşarda açyk meýdanda saýawansyz we başgapsyz uzak wagtlap gezilende bolup biler.

Kähalatlarda gyzgyn howada beden aşa suwuklygy bedenden çykarmak arkaly derlemek bilen goranýar. Ýöne derlemek bilen gerekli maddalar we suwuklyk hem bedenden çykýar. Bu bolsa, öz gezeginde, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagyna getirýär. Şol sebäpden pasla görä, açyk reňkli nah matalardan tikilen egin-eşikleri we başgaplary geýmek we ýanyň bilen arassa agyz suwuny götermeklik maslahat berilýär.

Mähri BAÝRAMOWA,
Arkadag şäheriniň Tiz kömek merkeziniň tiz kömek bölüminiň çagyryş lukmany.
Beýleki habarlar