«Ýyly suw» şypahanasynyň melhemli suwlary

5 Iýun 2024
97

Mähriban Watanymyzda döwrebap şypahanalaryň birnäçesi hereket edýär. Şolaryň biri hem Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän «Ýyly suw» şypahanasydyr. Biziň häzirki gürrüňini edýän şypahanamyzda melhem suwlaryň birnäçe görnüşi bar. Şypahana gelýän raýatlarymyzyň hemmesini örän geň galdyrýan 20-nji guýynyň suwudyr. Ol gowşak minerallaşan termal (ýyly) suw. Suwuň esasy täsinligi oňa gireniňde şol wagtyň özünde täsir edip, köp keselleriň ilkinji alamatlarynyň biri bolan agyryny aýryp, ýeňillik berip bilýändigindedir. Bu guýynyň suwuny degna (newrit, newralgiýa), ýokanç däl deri kesellerini, süňk-bogun ulgamlarynyň, böwrek we peşew çykaryş, aşgazan, içege we öt çykaryş ulgamlarynyň, galkan görnüşli mäz sökellikleriniň ýeňil görnüşlerini, aýal jyns synalarynyň sowuklama kesellerini, neýrosirkulýator distoniýa keselini, aýal we erkek kişiniň önelgesizliginde, süýji keseliniň ýeňil görnüşini bejermekde giňden ulanylýar.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda döredilen şypahana ulgamy has-da ösýär, özgerýär. «Ýyly suw» şypahanasy hem ýylyň ähli paslynda mähriban raýatlarymyzyň saglygyny berkitmekde halkyň hyzmatyndadyr. Şypahanamyzyň melhem suwlaryndan peýdalanyp, saglygyňyzy berkitmäge geliň!

Çarymuhammet GURBANMÄMMEDOW,
«Ýyly suw» şypahanasynyň terapewt lukmany.
Beýleki habarlar