Sahawat serpaýy

5 Iýun 2024
145

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Hut şonuň üçin hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň giň gerimli özgertmeleri, belent tutumlary köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalaryň bagtly geljegine gönükdirilendir. Magtymguly etrap hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan iki sany «Dialog+» kysymly kämil lukmançylyk enjamynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy hem munuň özboluşly subutnamasyna öwrüldi. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän dünýä belli «B.Braun» kompaniýasynyň önümi bolan gemodializ enjamlary döwrebap tehnologiýalar esasynda taýýarlanyp, olar täze görnüşli emeli böwrek enjamy bolmak bilen, häzirki wagtda mälim bolan dializ bejergisiniň ähli görnüşlerini geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu lukmançylyk enjamlary dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglara edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga şert döredýär. Şunlukda, näsagyň saglygy gowulanyp, ömür dowamlylygy uzalýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan bu lukmançylyk enjamlary halkymyzyň iň gymmatly baýlygy bolan saglygyny, aýratyn-da, ýaş nesliň sagdyn ösüp-ulalmagyny üpjün etmek meselesiniň hemişe üns merkezinde saklanýandygyny aýdyň görkezýär. «Dialog+» kysymly gemodializ enjamlary «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan döwletli tutumlaryň üstünliklere beslenýändigini ýene bir ýola tassyklamak bilen, çagalaryna aýratyn söýgi, alada bilen garamak ýaly halkymyza mahsus durmuş ýörelgeleriniň täze taryhy eýýamda mazmun taýdan has-da baýlaşýandygyna şaýatlyk edýär. Ýaş nesliň mynasyp durmuşyny üpjün etmek üçin goýulýan maýa goýumlary, bu ugurda alnyp barylýan uly möçberli işler döwletimiziň berkararlygyny, okgunly ösüşlerini tassyklaýan esasy görkezijileriň biridir.

Nury Mämmedow.
Beýleki habarlar