Kämilligiň basgançagy

5 Iýun 2024
467

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, ylmyň çuňluklaryna aralaşmaklary üçin taýsyz tagallalar edilýär. Munuň özi ýaşlaryň ylym dünýäsindäki uly-uly açyşlaryna sebäp bolýar. Bu açyşlar, ylmy işler ynsan saglygyny goramak ýaly arzyly kärde zähmet çekýän lukmanlar tarapyndan hem alnyp barlyp, olar adam ömrüniň uzalmagynda, sagdyn jemgyýetimizi berkarar etmekde uly ähmiýete eýedir.

Işini ylmy gözlegler bilen baglanyşdyryp alyp barýan lukmanlaryň biri welaýat köpugurly hassahanasynyň neýrohirurg lukmany Merdan Nazarowdyr. Ylymlar gününiň öňüsyrasynda Merdanyň alyp baran ylmy gözlegleri bilen tanyşdyk. Has dogrusy, ýaňy-ýakynda ýaş lukmanyň talyplyk döwründe alyp baran ylmy işi iş ýüzünde üstünlikli amala aşyryldy. Munuň üçin lukmanyň we ondan bejergi alan ildeşimiziň begenjiniň çägi ýok.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar