Öňüni alan ýagşy

5 Iýun 2024
121

Tomus aýlarynyň gelmegi bilen meýdanlarda, suw howdanlarynda çybynlar köpelýärler. Gün ýaşandan soň olaryň adama hüjüm etmegi adaty endikdir. Ýöne bu ýagdaýda olaryň dürli keselleri ýokuşdyrmak häsiýetiniň bardygyny welin hemmämiziň bilmegimiz zerurdyr. Esasan hem anofeles urkaçy çybynlary gyzzyrma keseliniň ýaýramagyna sebäp bolýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň aladalary netijesinde ýurdumyzda gyzzyrma keseliniň ýok edilen keselleriň hataryndadygy guwandyryjy ýagdaýdyr. Ýöne muňa garamazdan, keseliň öňüni almak maksady bilen çybynlardan goranmagymyz we keselden hüşgär bolmagymyz gerek.

Berdimyrat REJEPOW,
welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy.
Beýleki habarlar